Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan Murano» modelleri barada gidýär. Ýany bilen berilýän resminamalarda kompaniýalar bu awtoulaglaryň ilkinji nobatda daşary ýurt bazarlary üçin işlenip düzülendigini we Ýaponiýanyň içerki bazary üçin niýetlenen modellerden tapawutlanyp biljekdigini belleýärler. Hususan-da, Toyota lak-reňk örtüginiň, meselem, reňk gatlagynyň has ýukalygy, kuzow bölekleriniň reňk öwüşginlerindäki ujypsyz tapawutlar, polirowwka yzlary, kiçijik çökgünlikler we örtügiň aýry-aýry kemçilikleri ýaly kosmetiki aýratynlyklaryň bolup biljekdigini habar berdi. Kompaniýada şeýle aýratynlyklaryň ulaglaryň howpsuzlygyna we ygtybarlylygyna täsir etmeýändigini nygtadylar. «Nissan» bolsa «Murano-nyň» ýygnalyş hiliniň Ýaponiýa üçin endik bolan standartlardan tapawutlanyp biljekdigini görkezdi. Bolup biljek aýratynlyklaryň hataryna kuzowyň ujypsyz hapalanmalary, germetigiň yzlary, panelleriň az-kem gyşyklyklary we kuzow elementleriniň arasyndaky deň däl boşluklar girizildi. Tapawutlar enjamlaşdyrylyşa hem degişlidir. «Toyota Tundra-da» ýol belgilerini tanamak boýunça käbir ulgamlar ýerli infrastruktura aýratynlyklary sebäpli Ýaponiýada nädogry işläp bilýär, multimediýa ulgamy bolsa diňe iňlis dilini goldaýar. «Nissan Murano» ýapon interfeýsini, ýerli radiostansiýalarynyň goldawyny we içerki bazaryň awtoulaglarynda elýeterli bolan «Nissan Connect» hyzmatlaryny almady. Kompaniýalar awtoulaglaryň ulanylyşyna täsir edýän tehniki näsazlyklar barada habar bermeýärler. Şeýle-de bolsa, bu duýduryşlar ýapon köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we awtoulag muşdaklarynyň arasynda çekişmelere sebäp boldy, sebäbi öndürijiler ilkinji gezek amerikan ýygyndysyndaky awtoulaglaryň ýapon bazary üçin niýetlenen modellerden tapawutlary barada şeýle jikme-jik gürrüň berdiler.