Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar kapitalizasiýasy boýunça ondan öňe geçdi. SK Hynix-iň paýnamalary 5,6% ýokarlandy, netijede kompaniýanyň umumy bahasy 208,04 trillion wona (takmynan, 135 milliard dollar) ýetdi. Şol bir wagtda Samsung Electronics-iň kapitalizasiýasy 0,14% peselip, 206,67 trillion wona çenli düşdi. Ýat mikroshemalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan SK Hynix mundan ýigrimi ýyl ozal bergileri sebäpli bankrot bolmagyň bosagasyndady. Kompaniýanyň barha ösmegine emeli aň tehnologiýalaryna bolan uly isleg hem-de Nvidia we Google ýaly ägirtlere önüm ibermek baradaky şertnamalary güýçli täsir etdi. Metbugat maglumatlaryna görä, SK Hynix emeli aň tizleşdirijilerinde we häzirkizaman wideo kartlarynda ulanylýan ýokary tizlikli HBM ýat bazarynyň 61%-ni öz elinde saklaýar. Bu bazarda Samsung-yň paýy 17%-e, Micron amerikan kompaniýasynyň paýy bolsa 21%-e deňdir. Ýat çipleri emeli aň ulgamlarynyň, şol sanda uly dil modelleriniň işlemegi üçin zerur bolan iň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir