SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Bu çözgüt kompaniýanyň IPO-dan soň paýnamalarynyň bahasynyň aşak düşmegi esasynda kabul edildi. Duşenbe güni SpaceX-iň kagyzlary 16% arzanlady, soňky günlerde bolsa olaryň bahasy bir paýnama üçin tas 200 dollardan, takmynan, 155 dollara çenli peseldi. Paýnamalaryň ilkinji köpçülikleýin hödürlenmeginiň (IPO) barşynda kompaniýa 85,7 milliard dollar çekmegi başarypdy, onuň bazar bahasy bolsa tas 2,9 trillion dollara çenli ýokary galdy. Şondan soňky bolup geçen korreksiýadan soň, SpaceX-iň kapitalizasiýasy, takmynan, 600 milliard dollar azaldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, obligasiýalar 5 ýyldan 30 ýyla çenli möhlet bilen çykarylar. Paýnama bahalarynyň peselmegine garamazdan, bilermenler kompaniýanyň bu kagyzlaryna bolan islegiň ýokary bolmagyna garaşýar. Karz serişdelerini ýerleşdirmek işleri bilen Goldman Sachs we beýleki iri banklar meşgullanýar.