Zawodda dizel ýangyjynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterimden gowrak ýokarlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Geçen ýylyň ilkinji bäş aýynda bu ýerde dizel ýangyjynyň 54,9 müň tonnasy öndürilen bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli döwründäki önümçilik 61 müň tonna ýetdi, 6,1 müň tonnalyk bu tapawut önümçiligiň 11 göterim gowrak artandygyny görkezýär. Kuwwatly zawodda öndürilýän L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy ýokary hilli nebit önümleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu ýangyç, esasan, oba hojalyk tehnikalarynda, ýük ulaglarynda we dizel hereketlendirijili beýleki enjamlarda giňden ulanylýar. Içerki bazarda uly islegden peýdalanýan önümiň eksport bazarynda hem hyrydary kän.