Slowakiýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmekçi bolýarlar. Şeýle kanun üýtgetmesi Hökümet koalisiýasyna girýän Hlas-SD («Ses – sosial demokratiýa») partiýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Bu ugurda meýilleşdirilýän çäreler barada partiýanyň lideri Matuş Şutaý-Eştok metbugat ýygnagynda tanyşdyrdy. Ol häzirki döwürde ýaş nesliň aňyny sosial torlaryň ýaramaz täsirinden gorap saklamagyň ýitileşendigini nygtady. Täze kanun taslamasyna görä, 16 ýaşdan 18 ýaşa çeni ýetginjekler üçin sosial torlary ulanmagyň ýörite tertibi taýýarlanar, ýetginjekleriň şahsy maglumatlary we ýaşaýan salgylary ýokary derejede goralar. Ýurduň bilim ministri Tomaş Druker täze kanun taslamasyna hökümet tarapyndan şu ýylyň awgustynda garaljakdygyny habar berdi. Täze düzgünler makullansa, 2027-nji ýylyň ýanwaryndan başlap güje girer diýip, «khovar.tj» agentligi ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir