Meşhur amerikaly žurnalist, öň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tarapdary hasaplanan Taker Karlson demokratlary goldamaýşy ýaly, mundan beýläk Respublikaçylar partiýasyny hem goldamaýandygyny mälim etdi. «Men Respublikaçylar partiýasyny goldamazdym. Men hiç haçan Respublikaçylar partiýasyny goldamaryn... Näme etjegimi bilmeýärin. Men tutuş ömrüme respublikaçylary goldap geldim» diýip, Karlson «Can't Be Censored» podkastynda aýtdy. «Fox News» teleýaýlymynda işleýän döwri meşhur syýasatşynas žurnalistleriň biri hökmünde tanalan Taker Karlson şeýle-de daşary syýasat babatda garaýyşlarynyň çapraz gelýändigini yglan edip, öň Donald Trampy goldandygy üçin ötünç sorady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir