Häzirki zaman dünýäsinde tehnologik ösüşler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem ylym-bilim ulgamyna düýpli özgerişleri girizýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak — bu diňe bir döwrüň talaby bolman, eýsem ýaş nesillere halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap bilim bermegiň iň netijeli guralydyr. Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky ädimleriň has-da işjeňleşmegini üpjün edýär. Sanly bilim ulgamy — bu adaty okadyş usullaryny döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) bilen utgaşdyryp, okatmagyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrýan bitewi elektron gurşawdyr. Ol öz içine internet toruny, ýöriteleşdirilen programmalaýyn üpjünçilikleri, elektron okuw gollanmalaryny, wideo-dersleri we akylly tehnologiýalary alýar. Bu ulgam mugallym, okuwçy we ene-ata arasyndaky gatnaşygy täze, sanly derejä çykarýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim gurşawyny döretmek üçin aşakdaky anyk işler durmuşa geçirilýär. Elektron Mekdep we „E-mekdep“ Ulgamy - Bu ulgam arkaly okuwçylaryň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy we öý işleri onlaýn tertipde hasaba alynýar. Lingafon we Interaktiw otaglar- Mekdepler iň döwrebap kompýuterler, multimedia proýektorlary we interaktiw tagtalar bilen üpjin edilýär. Esasanam, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmäge niýetlenen lingafon otaglary okuwçylaryň dil baýlygyny we sözleýiş ukybyny çalt ösdürmäge ýardam edýär. Milli Bilim Portallary- Her bir ýokary we orta okuw mekdebiniň özbaşdak internet saýtlary we tor portallary döredildi. Bu platformalarda elektron kitaphanalar, professor-mugallymlaryň leksiýalary, ylmy makalalar we barlag testleri ýerleşdirilýär. Wagtyň we serişdeleriň tygşytlanmagy elektron resminama dolanyşygy mugallymlary artykmaç kagyz işlerinden boşadyp, bar ünsüni diňe okuwçynyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Ene-atalar öz çagalarynyň bahalaryny we mekdep durmuşyny islendik wagt smartfon programmalary arkaly yzygiderli yzarlap bilýärler. Bu bolsa maşgala we mekdep arabaglanyşygyny berkidýär. Wideoaragatnaşyk arkaly guralýan onlaýn sapaklar, maslahatlar we halkara dars bäsleşikleri (olimpiadalar) dünýäniň dürli künjeklerindäki bäsdeşler we alymlar bilen tejribe alyşmaga giň ýol açýar. Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä taryhynda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň mysalynda hem akylly mekdepleriň, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen döwrebap bilim ojaklarynyň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly bilim diňe bir maglumat bermek däl, eýsem ýaşlaryň intellektual derejesini ösdürip, olary geljekki sanly ykdysadyýetiň kämil hünärmenleri edip ýetişdirmekdir. Netijede, sanly bilim ulgamy Türkmenistanyň ylym-bilim kuwwatyny has-da belende göterýän, ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşýan ygtybarly binadyr. Okuw ojaklarynda sanly ulgamyň doly dabaralanmagy — eziz Watanymyzyň nurlu geljeginiň kepilidir. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Arzygül Mämedöwezowa,

Edebiýat, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir