Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamynda hem üstünlikli işler gazanyldy. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermekde birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri jan aýaman zähmet çekýärler. 2024 — 2025-nji okuw ýyly hem üstünlikli tamamlandy. Häzirki günlerde okuwçylar döwlet synaglaryny tabşyrýarlar. Mekdebi tamamlaýan uçurymlar döwlet synaglaryna ykjam taýýarlykly gelipdirler. Bu okuw ýyly Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdep üçin hem ýatda galyjy boldy. Şu okuw ýylynda öz işine başlan mekdebimizde birnäçe üstünlikler gazanyldy. Döwlet derejesinde geçirilen «Iň gowy mekdep» bäsleşigine gatnaşyp, mekdebimiz III orna mynasyp boldy. Her ýylda zehinli okuwçylaryň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde okuwçylarymyz öňdäki orunlara mynasyp boldular. Arkadag şäheriniň mekdeplerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen okuwçy gyzlarymyz üçin haly dokamak boýunça ýörite gurnaklar hereket edýär. Okuwçy gyzlarymyza haly dokamagyň inçe tilsimleri sünnälik bilen öwredilýär. Bilesigeliji, maksada okgunly ýaşlarymyzda haly dokamaga bolan höwes gün-günden artýar. Her ýylyň maý aýynda bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramynda Arkadag şäheriniň mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Arşyň nepisligi türkmen halysy» atly bäsleşige biziň mekdebimiziň okuwçy gyzlary hem gatnaşdylar. Bäsleşik üç tapgyrda geçdi. Bu bäsleşige mekdebimiziň örän zehinli, eli hünärli gyzlary we öz işine ussat mugallymlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä halyny çalt çitmek, dokamak, haly barada rowaýatlary janlandyrmak, halynyň nagşyny çyzga geçirmek ýaly ugurlarda bäsleşdiler. Netijede, mekdebimiziň okuwçy gyzlary hersi öz başarnyklary boýunça bäsleşip, I, II orunlara we bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolmagy başardylar. Bu gazanylýan üstünlikler mekdebimizde zähmetiň gaýnapjoşýandygynyň netijesidir. Şeýle üstünliklerde mekdebimiziň agzybir mugallymlarynyň tutan ýerliligi görünýär. Biz — bilim işgärleri geljekde hem ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermekde, hünäre ugrukdyrmakda jan aýaman zähmet çekeris. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň müdiri Çarymuhammet MUHAMOW,