Jabir ibn Haýýan— Gündogar dünýäsiniň iň beýik alymlarynyň biri we häzirki zaman himiýasynyň düýbüni tutujy hasaplanýar. Günbatar dünýäsinde Geber ady bilen tanalýar. Ýewropada ony ilkinji uly alhimik hökmünde görýärler. Jabir ibn Haýýan takmynan 721–nji ýylda Horasanyň Tus şäherinde dünýä inýär we 815-nji ýylda häzirki Yragyň Kufa şäherinde aradan çykýar. Ol Abbasylar halyfatynyň iň ösen wagty, meşhur halif Harun ar-Raşidiň döwründe ýaşapdyr we alhimiýany jadygöýlikden we mistikadan çykaryp, tejribä esaslanýan ylma öwrüpdir. Jabir ibn Haýýanyň kakasy dermançy bolup, ýaş Jabiriň derman ösümlikleri we maddalar bilen ir tanyşmagyna sebäp bolupdyr. Ol soňra ylmyň we medeniyetiň merkezi bolan Kufa hem-de Bagdat şäherlerinde ýaşapdyr we Halif Harun ar-Raşidiň köşgünde alym we lukman hökmünde uly hormatdan peýdalanypdyr. Jabiri beýleki öz döwrüniň alymlaryndan tapawutlandyrýan iň uly aýratynlygy — onuň "tejribe etmezden öňe gidişlik bolmaz" diýen şgarydyr. Ol laboratoriýa gurşawynda esasy amallary we gurallary oýlap tapypdyr we kämilleşdiripdir: Jabir ähli metallaryň simap we kükürdiň dürli garyndysyndan dörändigini öňe sürüpdir. Ol eger bu garyndy dogry üýtgedilse, pes hilli metallary (mysal üçin, gurgşuny) altyna öwürip boljakdygyna ynanypdyr. Onuň pelsepesine görä, eger bu iki maddanyň garyndysy we arassalygy laboratoriýada dogry üýtgedilip bilinse, gurşun ýa-da demir ýaly pes bahaly metallary altyna ýa-da kümüşe öwürip bolardy. Bu teoriýa Robert Boýl we Antuan Lawuazýe ýaly XVII–XVIII asyryň alymlary tarapyndan häzirki zaman atom teoriýasy tapylýança, takmynan 1000 ýyl boýy dünýä ylmyna hökmürowanlyk etdi. Häzirki zaman himiýa ylymynda we laborotoriýalarynda giňden ulanylýan Patşa Suwy diýilip atlandyrylýan Azot we duz kislotalaryny belli bir garyndysynda garyşdyryp, tebigatda iň durnukly metal bolan altyny hem eridip bilýän täsin suwuklygy oýlap tapdy. Ol metal şaýlarynyň poslamagynyň öňüni alýan laklary, matalary reňklemegiň usullaryny, aýnanyň düzümini we suw geçirmeýän derileri taýýarlamagyň tehnologiýasyny oýlap tapdy. Mundan başga-da Jabir häzirki zaman himiýasynda ulanylýan Alembik atly distillasiýa guralyny oýlap tapýar bu gural suwuklyklary gyzykdyryp, bugardyp we gaýtadan sowadyp durlamak (distillasiýa) üçin ýörite peýdalanylýar. Bu gural häzirki zaman derman we nebit senagatynyň düýbini düzýär. Onuň ýazan 2000-den gowrak traktatlary, olaryň arasynda "Kitab al-Kimýa" we "Kitab al-Sabeen atly eserleri XII asyrda latyn diline terjime edildi. Ýewropalylar ony "Geber" ady bilen tanap, asyrlar boýy uniwersitetlerde esasy gollanma hökmünde okatdylar. Hatda Ýewropada käbir alymlar öz kitaplarynyň geçginli bolmagy üçin Geber ady bilen eserler ýazypdyrlar, bu bolsa alymyň abraýynyň nähili ýokary bolandygyny görkezýär. XII asyrda Ispaniýanyň Toledo şäherinde gurlan terjime merkezlerinde Jabir ibn Haýýanyň "Kitab al-Kimya" we "Kitab al-Sab'een" ýaly onlarça eseri latyn diline terjime edildi. Ýewropalylar onuň adyny aýtmak aňsat bolar ýaly "Geber" diýip üýtgetdiler. Onuň abraýy Günbatarda nähili uly bolan bolsa, şonça-da gyzykly wakalara sebäp boldy. XIII-XIV asyrlarda Ýewropada käbir ispan we italýan alymlary öz ýazan alhimiýa kitaplarynyň meşhur bolmagy we uniwersitetlerde okatylmagy üçin öz atlaryny däl-de, "Geber" adyny ulandylar. Ylym taryhynda bu näbelli ýewropaly alymlara Geber diýilýär. Bu fakt hem hakyky Jabir ibn Haýýanyň dünýä ylmyndaky ornunyň nähili elýetmez bolandygynyň subutnamasydyr. Jabir ibn Haýýan diňe bir maddalary garyşdyran dermançy däl, eýsem adamzadyň maddy dünýäni tanyş we dolandyryş usulyny üýtgeden rewolýusionerdir. Şu günki günde biziň ulanýan dermanlarymyz, plastik önümlerimiz, ulgamlarymyz we nebit önümlerimiz — barysy hem onuň müň ýyl mundan ozal Kufadaky kiçijik laboratoriýasynda guran we esaslandyran ylmy metodlarynyň netijesidir. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň müdiri Çarymuhammet MUHAMOW

Edebiýat, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir