Türkmenistanyň gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak tabşyrdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurtda oba hojalygy pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir. 1 million tonnalyk sepgidi eýelän gallaçy kärendeçiler orak möwsüminde alyp barýan işleriniň depginlerini peseltmeýärler. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan ak bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar.Täze hasylyň dänesi ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara eltilýär. Bu bolsa Watan harmanynyň barha beýgelmegi üçin zerur şertleri döredýär.