Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir