Jonatan atly 194 ýaşly pyşbaga Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi girizildi. Planetanyň iň uzak ýaşly jandaryny Napoleon Bonopartyň sürgün edilen Keramatly Ýelena adasyndan tapdylar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Jonatan, dünýäde belli bolan iň goja jandar we adanyň hemmeler tarapyndan eý görülýän ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi bellige alyndy» diýlip, adanyň döwlet edarasynyň saýtynda çap edilen habarda bellenýär. Adanyň Hökümetiniň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Jonatan özüniň goja salyna garamazdan, köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Adanyň gubernatory Naýjel Fillips şatlygyny paýlaşyp: «Köp nesiller tarapyndan oňa adanyň özboluşlylygynyň we jemagat hakydasynyň aýdyň nyşany hökmünde hormat goýulýar. Onuň ählumumy derejede ykrar edilmegi bolsa, adanyň ilatynyň köpden bäri bilýän hakykatyny: Jonatanyň diňe bir goja salyndaky ajaýyp jandar bolman, Keramatly Ýelena adasy we onuň ilaty üçin aýratyn hadysadygyny aňladýar» diýdi. Jonatan «mähnet Aldabra pyşdyly» diýen görnüşe degişli bolup, olar köplenç 160 ýyla çenli ömür sürýärler. Jonatan 1832-nji ýylda doguldy, 1882-nji ýylda bolsa, ony Seýşel adalaryndan Keramatly Ýelena adasyna getirdiler.