Azerbaýjan üstaşyr ýük gatnawlaryny iki esse – ýylda 30 million tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu ýurduň sebitde esasy ulag-logistika geçelgeleriň birine öwrülmegine ýardam eder diýip, Respublikanyň Prezidenti Ylham Aliýew Bakuda Yslam ösüş banky toparynyň her ýylky duşuşygynyň açylyş dabarasynda çykyşynda habar berdi. Azerbaýjanyň lideri häzirki wagtda bu görkezijiniň ýylda 15 million tonna deňdigini we ýurduň degişli infrastruktura köp möçberde maýa goýýandygyny nygtap: «Biz Azerbaýjany deňze çykalgasy bolmadyk ýurtdan halkara ulag şahasyna öwürmek isleýäris» diýdi. Aliýew şeýle hem ýurduň ykdysadyýetine soňky 20 ýylda goýlan maýa goýumlaryň 350 milliard dollara deň bolandygyny, onuň ýarysynyň daşary ýurt maýa goýumlarydygyny belledi. Azerbaýjanyň döwlet Baştutany ýurduň esasy strategik ugurlarynyň biriniň azyk howpsuzlygy bolup durýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Onuň: «Biz oba hojalygyny ösdürmek boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Öz zerurlyklarymyzy ýokary derejede üpjün etmek üçin ýeterlik önüm öndüreris» diýen sözlerini «INTERFAX.RU» getirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir