Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, şeýle-de Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. TDH-de habar berlişi ýaly, gepleşiklerden hem-de sergi bilen tanyşlykdan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi. «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.