Hindistanly monah eýýäm bäş ýyldyr, aýak üstünde diýip, «Oddity Central» neşiri ýazýar. Döwlet Giri Ji Maharaj diýen monah Khareşwari diýen dini taglyma uýujy. Bu ugra eýerýänler ruhy kämilleşme we Ýaradana sadyklyk nyşany hökmünde hemişe aýak üstünde bolmak barada äht edýärler. Dindaryň sözlerine görä, onuň maksady – ruhuny tämizlemek hem-de Şiwa taňra golaýlaşmakdyr. Bu maksadyna ýetmek üçin ol oturmakdan we ýatyp uklamakdan doly ýüz öwrüpdir. Bu howply işi berjaý etmek üçin Döwlet ýörite guşaklary we asma enjamlary ulanyp, dynjyny alýar. Uklaýarka, ol göwresini dik ýagdaýda saklaýan özboluşly sallançagy peýdalanýar. Emmä uzak wagt aýak üstünde bolmak onuň saglygyna çynlakaý zeper ýetiripdir, dindaryň aýaklary çişip, gan aýlanyşy bozulansoň, gap-gara bolupdyr. Lukmanlar oňa dik ýagdaýda bolmagyň agyr netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar. Emma muňa garamazdan, dindar öz ynanjyny berjaý etmegini bes edenok. Ýaşaýan ybadathanasynda oňa meýletinçiler ýardam edýärler, aýaklaryna ýörite melhem ýaglar bilen ideg edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir