Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabineti çagalaryň sosial torlara elýeterliligini sazlaşdyrýan karar kabul etdi. Oňa görä, platformalardan peýdalanyjylaryň iň pes ýaşy 15 ýyla deň bolar diýip, «MIR 24» habar berýär. Kararyň ýerine ýetirilmegi üçin 12 aý geçiş döwri bellendi, şu döwürde platformalara täze kadalary kem-kemden girizmek salgy berildi. Şeýle çözgüt barha artýan sanly meseleler hem töwekgelçilikler bilen baglylykda kabul edildi. Olaryň arasynda çagalaryň kanuna ters gelýän we ýaramaz kontentlere girmegini, şahsy maglumatlaryň elden gitmegini, beýleki ulanyjylar bilen howpsuz bolmadyk aragatnaşygyň döremegini görkezýärler. Hökümetde täze çemeleşmäniň toplumlaýyn milli ulgamyň döredilmegini talap edýändigini bellediler, ol öz gezeginde çagalara sanly gurşawda goraglylygy üpjün edýän tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Täze düzgünlere laýyklykda, 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlarda akkaunt açmaga we ulanmaga gadaganlyk girizilýär. 15-den 16 ýaşa çenli çagalar howpsuz kontente kesgitlenen wagt bilen çäklendirilen elýeterlilik rugsat berler. BAE– sosial torlardan peýdalanmakda ýaş çäklendirmelerini girizmek isleýän ýa-da girizen ilkinji ýurt däl. Awstraliýada, Braziliýada we Indoneziýada şeýle gadaganlyk hereket edýär. Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Daniýa, Kanada, Tailand we Günorta Koreýa bu ugurda iş alyp barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir