19-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň Içeri işler ministri Sulhan Tamazaşwili bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar jemgyýetçilik howpsuzlygy, hukuk goraýjy we pudagara edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi söhbetdeşini wezipä bellenmegi bilen gutlady we umumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Ministr Gruziýanyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we hukuk goraýjy edaralar babatda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň bähbitleri üçin yzygiderli aragatnaşygy saklamagyň zerurdygyny bellediler.