Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň 27-sinde gündelik isleg bildirilýän hyzmatlar we nyrhlar boýunça dürli aratapawut bar diýip, ÝB-niň Statistika edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar. Ýagny geçen 2025-nji ýylda iň gymmat ýurt Daniýa boldy, ol ýerde ýaşaýşyň nyrhy Ýewropa bileleşigindäki ortaça görkezijiden 40 göterim gymmat. Ondan soňra Irlandiýa (36%) we Lýuksemburg ( 32%) ýerleşdi. Iň arzan ýurtlaryň hataryna Bolgariýa girdi, ol ýerde sarp ediş torbasy üçin Bileleşikdäki ortaça nyrhlardan 37 göterim az tölemeli bolýar, Rumyniýada bu görkeziji 35 we Polşada 27 göterimdir. Ýaşaýyş öýi üçin çykdajylar Irlandiýada ÝB-däkiden ortaça görkezijiden 90 göterim köp. Bolgariýada olar 59 göterim arzan. Çykdajylaryň arasynda ikinji orunda gelýän möhüm ugur – azyk harytlary we alkogolsyz içgiler bolup durýar. Bu ugurda iň ýokary bahalar Lýuksemburgda (ortaça bahadan 22 göterim gymmat) we iň pes bahalar Rumyniýada (20 göterim arzan) hasaba alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir