Dünýäde çagalaryň üçden bir bölegi – planetanyň 1,1 milliard töweregi ýaşajyk ýaşaýjysy birwagtda üç howa hadysasy howp salýan etraplarda ýaşaýarlar. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) täze nutugynda habar berilýär diýip, «Anadolu» habarlar agentligi ýazýar. «Klimatik töwekgelçiliklere duçar bolýan çagalar, 2026» diýlip atlandyrylan nutuk bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň hepdelik metbugat maslahatynda tanyşdyryldy. Barlaglara görä, guraklyk, adatdan ýokary howa derejeleri we yssy tolkunlar häzirki wagtda iň giň ýaýran klimatik utgaşma bolmak bilen, tutuş dünýäde millionlarça çaga howp salýar. Şeýle hem kenarýaka we derýa joşgunlary, tokaý ýangynlary, çägeli harasatlar we tropiki tupanlar çagalara täsirini ýetirýän howa howplary diýlip bellenýär. Ýagny dünýäde tas her dördünji çaga azyndan bir howa howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar, 4 milliondan gowrak çaga bolsa, olaryň birbada altysyna duçar bolýar. Ylmy barlaglarda eger parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça gyssagly çäreler görülmese, howa heläkçilikleriniň has ýygjam hem-de çynlakaý boljakdygy, döwlet býujetlerine we ulgamlara has köp agram salyp, çagalaryň abadançylygyny howp astynda goýjakdygy bellenýär.