Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy. Bu model uglerod süýümli rama we 111 Nm aýlaw güýje hem-de 850 W iň ýokary kuwwata eýe bolan, kompaniýanyň öz öndüren «S-Works 3.1» hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Elektrik welosipedi 840 Wt·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilip, öndürijiniň maglumatyna görä, ol bir gezeklik zarýadda 4,4 sagada çenli sürmäge mümkinçilik berýär. Welosipediň esasy aýratynlyklary: Amortizatorlar: 160 mm ýörişli «FOX 38 Factory» öňky wilka we «FOX Float X Factory» yzky amortizator. Transmissiýa (geçirijiler ulgamy): «SRAM XX Eagle T-Type AXS». Tormozlar: Dört porşenli «SRAM Maven Ultimate». Dolandyryş paneli: 2,2 dýuýmlyk displeý. Mundan başga-da, enjam birnäçe iş tertipleri bolan akylly zarýad beriji, kompaniýanyň ýörite ykjam goşundysy bilen üpjün edilip, «Apple Find My» hyzmaty bilen utgaşdyrylandyr. Agramy takmynan 27,2 kg-a barabar welosipedi gyzyl reňkde sargyt edip bolýar.