Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirmek barada permana gol çekdi. Bu barada Russiýanyň hukuk habarlarynyň resmi portalynda çap edilen resminama salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Dumanyň IX çagyrylyşynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyl, ýagny 2031-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa saýlawlardan öňki tapgyryň soňky ýyllarda iň çylşyrymly boljakdygyny aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.