Saud Arabystanynyň we Urugwaýyň milli ýygyndylary futbol boýunça Dünýä çempionatynyň H toparçasyndaky ilkinji tapgyrdaky oýnunda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçirildi. Hasaby 41-nji minutda saudly hüjümçi Abdulela Al-Amri açdy. Urugwaýly futbolçylar 80-nji minutda Maksimiliano Arauhonyň tagallasy bilen deňligi dikeltdiler. Şol H toparçasynda Ispaniýanyň we Kabo-Werdeniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk golsuz deňlik — 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Ikinji tapgyrda Saud Arabystany 21-nji iýunda Ispaniýa bilen duşuşar, Urugwaý bolsa 22-nji iýuna geçilýän gije Kabo-Werde bilen oýnar. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän Dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar 12 toparça bölünendir. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orny eýelän sekiz iň gowy topar 1/16 final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir