Wengriýada üstümizdäki ýylda miweli ekinleriň rekord derejedäki hasyly hasaba alyndy. «Azertaj» agentliginiň habaryna görä, aýratyn ýokary görkezijiler çereşnýa, ülje, erik we garaly boýunça hasaba alyndy. Baharda we tomusda amatly howa şertleri, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalar fermerlere önümçiligiň möçberlerini geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Agrar pudagyň wekilleri hasyllylygyň ýokarlanmagynyň eýýäm eksporta oňyn täsir edendigini belleýärler. Wenger miweleri Ýewropa Bileleşiginiň bazarlarynda we onuň çäklerinden daşarda uly islegden peýdalanýar diýip, olar aýdýarlar. Hünärmenler bu gezekki şowly hasyl möwsümi Wengriýanyň sebitde öňdebaryjy miwe eksport ediji ýurt hökmündäki abraýyny berkider diýip belleýärler.