Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri Fridrih Mers ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpy 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlap, oňa Germaniýanyň milli ýygyndysynyň amerikan lideriniň ady we 47 belgisi ýazylan köýnekçesini sowgat berdi. «Netijede, biz bir toparda oýnaýarys» — diýip, Mers X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Ol bu ýazgysyny Fransiýanyň Ewian şäherinde geçirilen G7 sammitiniň iş maslahatynyň dowamynda sowgady gowşuryş dabarasyndan düşürilen suratlar bilen utgaşdyrdy. Köýnekçedäki 47 belgisi Trampyň ABŞ-nyň 47-nji prezidenti bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.