Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş ştatdan daşary hünärmeni, ýürek-damar hirurgy, RYA-nyň akademigi Leo Bokeriýa «ria.ru» habarlar gullugyna bern interwýusynda çagalaryň gereginden artyk agramlylygynyň iki sebäbi barada gürrüň berdi. «Çaga semizliginiň esasy iki sebäbi bar, olar – fast food we az hereketlilik» diýip, lukman agentligiň habarçysy bilen söhbetdeşlikde nygtady. «Häzir ýaşlaryň, ýetginjekleriň köp wagtyny gajetlere dümtünip geçirýändigi gorkuzman durmaýar» diýip, akademik Bokeriýa sözüniň üstüni ýetirdi.