Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat modullarynyň bahasynyň rekord derejede gymmatlamagy bilen düşündirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, öňler telefonuň özüne düşýän gymmatynyň esasy bölegini prosessorlar we ekranlar düzýän bolsa, häzir käbir modellerde ýat şaýlary önümçilik çykdajylarynyň ýarysyndan gowragyny tutýar. Mysal üçin, «Nothing Phone (4a)» nusgasynyň işlenip başlan gününden bäri ýat modullarynyň bahasy takmynan dört esse ýokarlandy. «Eger siz telefonyňyzy täzelemek üçin amatly pursada garaşýan bolsaňyz, iň gowy wagt düýndi. Indiki iň gowy wagt bolsa – häzirdir. Şu ýylky arzanlaşyk möwsüminde adamlar öňki öwrenşen hezilliklerini görüp bilmezler» diýip, Nothing-iň baş direktory belleýär. Peýiň pikiriçe, bahalaryň ýokarlanmak meýilli ýagdaýy ýat bazary durnuklaşýança, iň bolmanda indiki ýyla çenli dowam eder. Samsung we hytaý brendleri ýaly iri öndürijiler eýýäm bu çykdajylary sarp edijileriň üstüne ýükläp başladylar. Şol sebäpli käbir ugurlarda bölek satuw bahalary ýüzlerçe dollar gymmatlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir