Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Mejlisiň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň gümrük, zähmet, sanitariýa, maşgala, administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de harby borçlulyk we harby gulluk hakynda, administratiw önümçilik hakynda, kazyýet hakynda we neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutany häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem hödürlenen teklipleri makullap, degişli resminamalara gol çekdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkyny Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir