Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Ýeri gelende bellesek, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport-syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir