Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir