Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we hil taýdan täze derejelere çykarmaga ýardam berer. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir