10 – 11-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi bilen täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine gol çekildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi Resminamalara ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şeýle hem ylmy açyşlary we üstünlikleri artdyrmak maksady bilen gol çekildi: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çanan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. Taraplaryň gol çeken resminamalary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady hem-de Türkmenistan bilen maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat goýdy.