Dünýäniň awiakompaniýalary eger Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda, ýangyjyň gymmatlamagy dowam etse, uçuşlaryň gyşky tertipnamasyny üýtgetmäge hem-de on müňlerçe uçuşlary ýatyrmaga çynlakaý taýýarlyk görýärler. Bu barada «Financial Times» (FT) gazetinde çap edilen makalada aýdylýar diýip, TASS ýazýar. Uçuş maksatnamalaryna üýtgetme girizmek boýunça gutarnykly çözgüt golaý hepdelerde kabul ediler diýlip garaşylýar. Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) bahalandyrmasyna görä, umumy pudak girdejisi üstümizdäki ýylda iki esse töweregi – 43 mlrd dollardan 23 mlrd dollara çenli kemelip biler. Hatda nyrhlar ýylyň aýagynda arzanlap başlasa hem, awiakompaniýalaryň ýangyja goşmaça çykdajylary 100 mlrd dollary düzer. Italiýanyň «ITA Airways» milli awiagatnadyjysynyň baş dolandyryjysy Ýorg Eberhart iň ýaramaz ýagdaý döräýende kompaniýanyň oktýabrdan aprele çenli uçuşlary 20 göterime çenli kemeltjekdigini, Hökümete goldaw üçin ýüz tutjakdygyny habar berdi. Öz gezeginde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň wekili Myrat Şeker eger ýangyç güýze çenli arzanlamasa, türk awiakompaniýasynyň uçuşlary azaltmaga mejbur boljakdygyny aýtdy. «Eger awiakerosiniň ýokary bahalary iýuldan soňra hem, mysal üçin, sentýabra çenli saklansa, biz gatnawlary kemeldip ýa-da ugurlary ýapyp hem-de belli bir şäherlere uçuşlary bes edip başlarys» diýip, ol aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir