SSSR-iň halk artisti Lýudmila Çursina 84 ýaşynda aradan çykdy. Aktrisanyň ölümine uzaga çeken agyr kesel sebäp boldy. Bu barada Russiýanyň goşunynyň Merkezi akademiki teatrynyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Lýudmila Çursina ilkinji gezek «Haçanda daragtlar uluka» (1961 ý.) atly çeper filmde surata düşdi. Şondan soňra 100-den gowrak filmde we teleseriallarda keşpleri janlandyrdy. Aktrisanyň esasy keşpleriniň hatarynda «Don powesti» (1964 ý.) filmindäki kazak gyzy Darýa, adybir filmdäki Wirineýa, «Hyýrsyz-derýa» teleserialyndaky Anfisa bar. Lýudmila Çursina şu ýylyň 20-nji iýunynda 85 ýaşamalydy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir