Planetadaky ähli buzluklaryň doly eremegi ummanyň suwunyň derejesini 150 metre çenli göterer, emma bu golaý ýüzýyllykda bolup geçmez. Bu barada Russiýanyň Arktiki hem-de antarktiki ylmy-barlag institutynyň Klimatyň üýtgemegi we daşky gurşaw laboratoriýasynyň işgäri Anna Kozaçek «Ria.ru» habarlar agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy. «Deňziň derejesi barha ýokarlanýar. 1900-njy ýyldan bäri ol 25 santimetr ýokarlandy, häzirki ösüş tizligi ortaça ýylda üç millimetr çemesidir» diýip, alym sözüni jemledi.