Türkiýäniň Parlamentinde geçen duşuşygyň yzýany ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen resmi däl waka bolup geçdi. Žurnalist gyzlar döwlet Baştutany bilen söhbetdeş bolýarkalar, olaryň biri nikalaşmak üçin göwnüne ýaraýjak ýigit tapmaýandygyny gürrüň berdi. Ärdogan onuň bu sözüne ýylgyryp: «Seniň aýdýanyň näme. Işigi ýapma» diýdi, bu onuň durmuşda hiç haçan umydy elden bermeli däldigini öwüt berýändigini aňladýardy. Bu waka giň seslenmä eýe boldy: ýerli «Sabah» neşiri söhbetdeşligiň wideoýazgysyny sosial torda çap etdi. Soňra ol görnüşler türk internet sahypalarynda giňden ýaýrady. Köpler söhbediň tebigy äheňini, şeýle hem türk lideriniň ýumor duýgusyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir