Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro saýlawlar döwründäki syýasy wagyz-nesihat işlerine bikanun gatnaşmak ähtimallygy bilen bagly, 21-nji iýuna çenli wezipesinden wagtlaýyn boşadyldy. Şeýle çözgüt Kongresiň wekiller palatasynyň aýyplamalar boýunça toparynyň başlygy Gloriýa Arisabaleta tarapyndan kabul edildi. Bu barada «EL TIEMPO» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Neşiriň ýazmagyna görä, bu adatdan daşary çäre döwlet Baştutanynyň saýlaw tutumyna gatnaşmagynyň hem-de oňa syýasy taýdan goşulyşmagynyň öňüni almak üçin görülýär. Şonuň bilen birlikde, ol Prezident Petro üçin öz partýasyndan dalaşgär Iwan Sepedanyň saýlawdan öňki tutumyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Kolumbiýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 21-nji iýuna bellendi. Onda iş başyndan gidýän Prezident Gustawo Petronyň egindeşi Iwan Sepeda amerikan lideri Donald Trampy her ädimde öwýän millioner-hukukçy dalaşgär Abelardi de la Esprielýa bilen bäsleşer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir