11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda (TSSE) Türkmen-Awstriýa «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. TSSE-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre ykdysady hyzmatdaşlygy täze şertlere laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga we iki ýurduň işewür wekilleriniň arasynda anyk maýa goýum şertnamalaryny baglaşmaga gönükdirildi. «Tegelek stoluň» başyndaky maslahatda Türkmenistanyň dokma, himiýa we gurluşyk önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna eksport etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň häzirki zaman senagat enjamlaryny, derman senagaty önümlerini we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny Türkmenistana getirmek boýunça täze şertnamalara garaldy. Şeýle-de Awstriýanyň ýokary tehnologik we sanly çözgütler baradaky tejribesini Türkmenistanyň senagat binalaryna we önümçilik ulgamlaryna ornaşdyrmak meselelerine seredildi. Türkmen önümlerini Ýewropa bazaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy Iki ýurduň resmi wekilleri özara haryt dolanyşygynyň häzirki kuwwatynyň ähmiýetini belläp, import we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek barada ylalaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekillere tomaşa edildi. Soňra Türkmenistanyň we Awstriýanyň öňdebaryjy hususy kompaniýalarynyň, senagatçylarynyň hem-de maýadarlarynyň gatnaşmagynda B2B duşuşyklary guraldy.