Aprel aýynyň ahyrynda Üstýurt belentliklerinde geçirilen ylmy barlaglarda ýabany haýwanlaryň görnüşleri bilen bilelikde, ösümlikleriň görnüş dürlüligi hem-de ösüş ýagdaýlary öwrenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Üstýurtda «şübheli doňuzgataňňyr» (Leontice inserta) hasaba alyndy. Ol zirkler maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlikdir. Bu täsin ösümligiň boýy 10 — 20 santimetre ýetýär. Ol ýeriň aşagynda daşy düwür-düwür bolan, 15 — 20 santimetr çuňlukda ýerleşýän armyt şekilli klubeni emele getirýär. Ösümlik toýunly, ownuk daşly, çägeli, şorlaşan ýerlerde ösýär. Mart aýynyň ahyrynda, aprelde gülleýär. Şübheli doňuzgataňňyry ilkinji gezek botanik alym Ş.I.Kogan 1947-nji ýylda Üstýurtda Tamdy guýusynyň töwereklerinde, şeýle hem Kabegşem gerşiniň gaýasynda hasaba alýar. 2024-nji ýylda ösümlikleri öwreniji alym A.Pawlenko Üstýurt bilen bagly geçiren barlaglarynda şübheli doňuzgataňňyryň ýaýran ýerleri boýunça ylmy maglumatlary toplaýar. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda geçirilen gözegçilikde Garnyýarygyň meýdanlarynda, soňra şol ýerden günorta-gündogar tarapa 130 — 150 kilometr gowrak ýol geçilen meýdanda bu ösümligiň tohum gozajyklaryny emele getiren düýpleri bellendi. Şeýlelikde, soňky ýyllarda Üstýurt belentliklerinde geçirilen gözegçiliklerde täsin ösümlik şübheli doňuzgataňňyryň ýaýran ýerleri hem-de fenologiýasy boýunça ylmy maglumatlar toplandy. Türkmenistanda ösümlikleriň doňuzgataňňyr urugyna degişli Ewersmanyň doňuzgataňňyry (Leontice ewersmannii) hem duş gelýär. Ol Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Hazarýaka çöllük ýerlerde, Üstýurtda, Bathyzda, Köýtendagda ýaýrandyr. Bu ösümlik mart aýynda gülleýär. Şu ýylyň mart aýynyň ikinji ongünlüginde «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň «Guryhowdan» çäkli goraghanasynyň çäginde ýylansoganlaryň köpçülikleýin gülläp, meýdanlary syýa öwüşgine bezän wagtlary Ewersmanyň doňuzgataňňyrynyň güllän düýpleri hasaba alyndy. Üstýurt tekizliginiň ösümlik dünýäsiniň öwrenilmeginiň ilkinji gezek 1825-nji ýylda başlanandygy hem-de bu işe alymlaryň birnäçesiniň goşandy hakynda botanik alym Ş.I.Koganyň Günorta Üstýurduň ösümlik dünýäsi baradaky ylmy çeşmelerinde aýdylýar. Alymyň işinde Üstýurt tekizliginde ösýän relikt, endemik ösümlikler barada hem maglumatlar berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir