Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akedemikligine we habarçy agzalygyna saýlanan alymlara diplomlar gowşurmak dabarasy geçirildi. Ol her ýylyň 12-nji iýunynda ýurtda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmuny artdyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Şonuň esasynda TYA-nyň akademikligine hem-de habarçy agzalygyna saýlanan ýurduň birnäçe alymlaryna diplomlar dabaraly gowşuryldy. Diplomlara mynasyp bolanlar Ylymlar gününiň öňüsyrasynda özlerine gowşurylan diplomlar üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir