Dört ýylyň iň möhüm futbol çäresi — futbol boýunça dünýä çempionatynyň 23-nji ýaryşy 11-nji iýunda badalga alýar. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýaryşyň formatyna, oňa gatnaşjak ýygyndylara we Demirgazyk Amerikanyň meýdançalarynda çempionlyk ugrunda göreşjek esasy dalaşgärlere syn edýäris. DÇ-2026-nyň ähli oýunlaryna Türkmenistanda «Матч ТВ» teleýaýlymynda, şeýle hem striming platformalarynda tomaşa edip bolar. Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşa birbada 48 milli ýygyndy gatnaşar. Bu bolsa ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda tas 40 günüň dowamynda 100-den gowrak duşuşygyň geçiriljekdigini aňladýar. Oýunlaryň geçiriljek şäherleri: ABŞ: Nýu-Ýork (Ist-Raterford etraby), Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anjeles, Maýami, Filadelfiýa, Sietl, San-Fransisko. Kanada: Toronto, Wankuwer. Meksika: Mehiko, Gwadalahara, Monterreý. 12 toparçanyň düzümine girýän milli ýygyndylar: A toparçasy: Meksika, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Çehiýa. B toparçasy: Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Katar, Şweýsariýa. C toparçasy: Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa. D toparçasy: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe. E toparçasy: Germaniýa, Kýurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador. F toparçasy: Niderlandlar, Ýaponiýa, Şwesiýa, Tunis. G toparçasy: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa. H toparçasy: Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystany, Urugwaý. I toparçasy: Fransiýa, Senegal, Yrak, Norwegiýa. J toparçasy: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa. K toparçasy: Portugaliýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Özbegistan, Kolumbiýa. L toparçasy: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama. Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça her topardan iň gowy iki ýygyndy göni 1/16 finala çykar. Üçünji orunlary eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy sekiz topar hem pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Şeýlelikde, 48 gatnaşyjynyň 32-si ýaryşy dowam etdirer, galan 16 topar bolsa göreşi bes eder. Toparçalaýyn tapgyrynyň ähli oýunlary 11-nji iýun. DÇ-2026-nyň açylyş oýny 23:55* / Meksika – Günorta Afrika Respublikasy (GAR) *Bu ýerde we mundan beýläk oýunlaryň wagty Aşgabat wagty boýunça görkezilýär. 12-nji iýun 07:00 / Günorta Koreýa – Çehiýa 23:55 / Kanada – Bosniýa we Gersegowina 13-nji iýun 06:00 / ABŞ – Paragwaý 23:55 / Katar – Şweýsariýa 14-nji iýun 03:00 / Braziliýa – Marokko 06:00 / Gaiti – Şotlandiýa 09:00 / Awstraliýa – Türkiýe 22:00 / Germaniýa – Kýurasao 15-nji iýun 01:00 / Niderlandlar – Ýaponiýa 04:00 / Kot-d’Iwuar – Ekwador 07:00 / Şwesiýa – Tunis 21:00 / Ispaniýa – Kabo-Werde 23:55 / Belgiýa – Müsür 16-njy iýun 03:00 / Saud Arabystany – Urugwaý 06:00 / Eýran – Täze Zelandiýa 23:55 / Fransiýa – Senegal 17-nji iýun 03:00 / Yrak – Norwegiýa 06:00 / Argentina – Alžir 09:00 / Awstriýa – Iordaniýa 22:00 / Portugaliýa – Kongo Demokratik Respublikasy 18-nji iýun 01:00 / Angliýa – Horwatiýa 03:00 / Gana – Panama 07:00 / Özbegistan – Kolumbiýa 21:00 / Çehiýa – Günorta Afrika Respublikasy 23:55 / Şweýsariýa – Bosniýa we Gersegowina 19-njy iýun 03:00 / Kanada – Katar 06:00 / Meksika – Günorta Koreýa 23:55 / ABŞ – Awstraliýa 20-nji iýun 03:00 / Şotlandiýa – Marokko 06:00 / Braziliýa – Gaiti 09:00 / Türkiýe – Paragwaý 22:00 / Niderlandlar – Şwesiýa 21-nji iýun 01:00 / Germaniýa – Kot-d’Iwuar 05:00 / Ekwador – Kýurasao 09:00 / Tunis – Ýaponiýa 21:00 / Ispaniýa – Saud Arabystany 23:55 / Belgiýa – Eýran 22-nji iýun 03:00 / Urugwaý – Kabo-Werde 06:00 / Täze Zelandiýa – Müsür 22:00 / Argentina – Awstriýa 23-nji iýun 02:00 / Fransiýa – Yrak 05:00 / Norwegiýa – Senegal 08:00 / Iordaniýa – Alžir 22:00 / Portugaliýa – Özbegistan 24-nji iýun 01:00 / Angliýa – Gana 04:00 / Panama – Horwatiýa 07:00 / Kolumbiýa – Kongo Demokratik Respublikasy 23:55 / Şweýsariýa – Kanada 23:55 / Bosniýa we Gersegowina – Katar 25-nji iýun 03:00 / Şotlandiýa – Braziliýa 03:00 / Marokko – Gaiti 06:00 / Çehiýa – Meksika 06:00 / Günorta Afrika Respublikasy – Günorta Koreýa 26-njy iýun 01:00 / Kýurasao – Kot-d’Iwuar 01:00 / Ekwador – Germaniýa 04:00 / Ýaponiýa – Şwesiýa 04:00 / Tunis – Niderlandlar 07:00 / Türkiýe – ABŞ 07:00 / Paragwaý – Awstraliýa 23:55 / Norwegiýa – Fransiýa 23:55 / Senegal – Yrak 27-nji iýun 05:00 / Kabo-Werde – Saud Arabystany 05:00 / Urugwaý – Ispaniýa 08:00 / Müsür – Eýran 08:00 / Täze Zelandiýa – Belgiýa 28-nji iýun 02:00 / Panama – Angliýa 02:00 / Horwatiýa – Gana 04:30 / Kolumbiýa – Portugaliýa 04:30 / Kongo Demokratik Respublikasy – Özbegistan 07:00 / Alžir – Awstriýa 07:00 / Iordaniýa – Argentina Pleý-off oýunlary haçan geçiriler? 1/16 final duşuşyklary 28-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda geçiriler. 1/8 final oýunlary 4–7-nji iýulda, çärýek final duşuşyklary bolsa 9–11-nji iýulda bolar. Ýarym final oýunlary 14–15-nji iýul günlerine meýilleşdirildi. Üçünji orun üçin oýun 18-nji iýulda geçiriler. Final duşuşygy bolsa 19-njy iýulda Nýu-Ýorkuň etegindäki Ist-Raterforddaky «MetLaýf» stadionynda bolar. Esasy dalaşgärler «Opta» seljerme beriji platformanyň hasaplamalaryna görä, dünýä çempiony bolmaga iň ýokary mümkinçiligi Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeleýär — bu görkeziji 16,1 göterime deňdir. Ikinji ýerde Fransiýa (13%), üçünji ýerde bolsa Angliýa (11,2%) ýerleşýär. Häzirki dünýä çempiony Lionel Messiniň ýolbaşçylygyndaky Argentinanyň milli ýygyndysy sanawda dördünji orny eýeleýär. Superkompýuteriň çaklamasyna görä, argentinalylaryň çempionlygyny gorap saklamak ähtimallygy 10,4 göterime deň. Portugaliýanyň ýygyndysy hem aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Kriştiano Ronaldunyň çykyş edýän topary 7 göterim görkeziji bilen ilkinji bäşligi jemleýär. Türkmenistan nirede? Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyryna çykmagy başarmady. Milli ýygyndymyz Aziýa sebitindäki saýlama ýaryşlaryň ikinji tapgyrynda çykyşyny tamamlap, indiki tapgyra çykmak hukugyny Eýranyň we Özbegistanyň milli ýygyndylaryna bermeli boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir