Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy — mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Mirasyň we medeniýetiň baýramy: Buharestde Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy Habarda bellenilişi ýaly, çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli guraldy. 9-njy iýunda bolan açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, ylmy we medeniýet wekilleriniň, işewür toparlaryň, türkmen talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi. Mirasyň we medeniýetiň baýramy: Buharestde Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy Dabarda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir