8-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojersiň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, akademiki hereketliligi ösdürmäge, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň häzirki zaman pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, şol sanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek, iki diplomly bilim maksatnamalaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny utgaşdyrmak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Taraplar şeýle taslamalaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler. Şeýle hem ýaşlaryň liderlik ukyplaryny ösdürmegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde hereket edýän alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Amerikan tarapy türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlaryň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy hem-de ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi. Bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy sanly bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy onlaýn bilim serişdelerini milli bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň üstüni ýetirer.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir