Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň resmi saýtynda ýaşlar üçin konsulyň kömekçisi wezipesinde tejribe geçmek üçin boş iş ornuny yglan etdi. Tejribe geçiş möhleti 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli dowam eder. Arzalary kabul etmek 10-njy iýuna çenli amala aşyrylýar. Gyzyklanma bildirýän şahslar degişli resminamalary ilçihananyň elektron salgysyna (korembtm@mofa.go.kr) ugradyp bilerler. Boş iş orny baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen ilçihananyň resmi saýtynda tanyşmak mümkindir.