Türkmenistan bilen ABŞ-ny iki ýurduň hem milli özboluşlylygynyň möhüm bölegi bolan garaşsyzlyk ruhy birleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sarah Rojers ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň rezidensiýasynda geçirilen kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy. «Türkmenistan bilen Amerika örän tapawutly ýurtlar. Şeýle-de bolsa, bizi bir zat birleşdirýär — garaşsyzlyk ruhuna milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde berýän ähmiýetimiz» — diýip, ol belledi. Rojers şu ýyl ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatladyp, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Diplomat, şeýle hem, amerikalylar bilen daşary ýurt jemgyýetçiliginiň arasynda gatnaşyklary berkitmekde jemgyýetçilik diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu ugurdaky esasy wezipe iki ýurduň halklaryny birleşdirýän umumy gymmatlyklary we meňzeşlikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Rojersiň Aşgabada sapary sebit boýunça amala aşyrylýan iş saparynyň çäklerinde geçirilýär. Bu sapar, şeýle hem, Hindistan, Nepal we Özbegistan ýaly ýurtlary hem öz içine alýar. Saparyň maksady söwda diplomatiýasyny ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, sanly azatlyklary we innowasiýalary ilerletmekden ybaratdyr. Saparyň dowamynda amerikaly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir