2026-njy ýylyň ýanwar – maý aýlarynda türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda jemi 301 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşleriň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen işler dowam etdirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, diňe maý aýynyň dowamynda 132 medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň medallar gaznasy 301 medala ýetdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.