Russiýanyň eksport edýän ýükleriniň Türkmenistanyň çäginden geçýän möçberi görnetin ýokarlandy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Andreý Nikitin Peterburg Halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda habar berdi diýip, TASS ýazýar. Ministr eksporta ugradylýan rus harytlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän Hazarüsti ugurda has uly ösüşiň hasaba alandygyny nygtady. Bu ugurda degişli ýük daşamalaryň möçberi 98 göterim artypdyr. Bellenilişi ýaly, bu geçelge Baltika deňzinden Günorta Aziýa çenli ýoly 15 — 20 güne çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa Sues kanaly arkaly geçýän ugurdan iki esse çalt diýmekdir. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän Hazarüsti ugur «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň esasy halkalarynyň biridir. Bu geçelgeniň ýük geçirijilik ukybynyň dowamly artmagynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hem möhüm orny bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir