Ýollanmalary ugratmak, gymmatly ýüki daşamak ýa-da harytlary ýurduň başga bir sebitine ibermek zerurmy? «Türkmenpoçta» döwlet poçta kompaniýasy Türkmenistanyň ähli demir ýol ugurlary boýunça ýükleri kabul etmek we ibermek hyzmatlaryny hödürleýär. «Türkmenpoçtanyň» ýük bölümleri ýurduň ähli welaýatlaryndaky demir ýol menzillerinde hereket edýär. Bu ýerde dürli ölçegdäki we agramdaky ýollanmalar hem-de ýükler kabul edilip, soňra Türkmenistanyň islendik şäherine ugradylyp bilner. Ýük ibermek üçin müşderi ýük bölümine şahsy ýüz tutup biler. Sargyt resmileşdirilende ýük häzirki zaman elektron terezilerinde ölçelýär. Soňra ulgam ýüküň agramyna we iberiljek ýerine görä eltip beriş hyzmatynyň bahasyny awtomatiki hasaplaýar. Ähli maglumatlar dessine «Türkmenpoçtanyň» bitewi sanly ulgamyna girizilýär. Bu bolsa iberişleriň takyk hasaba alynmagyny, hasaplaşyklaryň aýdyňlygyny we daşamalaryň ygtybarlylygyny üpjün edýär. Ýurduň ähli ugurlary boýunça ýük wagonlarynyň her gün gatnamagy netijesinde ýükler gysga möhletlerde eltilýär. Ýük ibermek üçin şahsyýeti tassyklaýan resminama (pasport) we habarlaşmak üçin telefon belgisi hödürlenmelidir. Ýüki kabul edýän tarapa hem şahsyýetini tassyklaýan resminama gerek bolýar. Mundan başga-da, «Türkmenpoçtanyň» işgärleri ýükiň gelip gowşandygy barada alyja habar berip, goşmaça töleg esasynda ony görkezilen salga çenli eltip bermek hyzmatyny hem gurap bilerler. Giňişleýin maglumatlary 075 gysga belgisi arkaly alyp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir