Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy. Bu ýaryş 8-nji we 14-nji iýun aralygynda Queen’s Club kortlarynda geçiriler. 44 ýaşly tennisçiniň ýaryşdaky ýoldaşy 19 ýaşly kanadaly Wiktoriýa Mboko bolar. «Gowy habar çalt ýaýraýar. Queen’s Club — täze sahypany açmak üçin ajaýyp ýer. Otly kortda meniň möhüm we ýatda galyjy pursatlarym köp boldy, şonuň üçin sportumyzyň iň abraýly meýdançalarynyň birinde ýene-de korta çykmagyma örän şat» – diýip, Wilýams mälim etdi. Geçen ýylyň dekabr aýynda türgeniň Tennisde dogruçyllygy üpjün etmek boýunça halkara agentligiň (ITIA) doping-barlag sanawyna täzeden goşulandygy belli boldy. Resmi ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin tennisçi bu sanawda azyndan alty aýlap durmaly. Wilýams WTA ýaryşlaryndaky iň soňky duşuşygyny 2022-nji ýylda US Open ýaryşynda geçiripdi. Ol öz karýerasynyň dowamynda ýekelikde «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 23-sinde ýeňiji boldy we 75 sany WTA titulyny gazandy.