Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň sekretariaty we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilelikde gurady. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär. Maksatnamanyň birinji güni bolan 4-nji iýun ýaşlar üçin ylmy-amaly çärelerine bagyşlandy. Gatnaşyjylar Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýine baryp, bu sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem tebigy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldy. Soňra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlaghanalarynda okuw sapaklary guraldy. Bu ýerde gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri we olaryň halk lukmançylygynda ulanylyşy barada tanyşdyrylyş sapagy geçirildi. Ýaş ekologlar ylmy barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdy, köp sanly täze maglumatlary öwrenip, tebigaty goramagyň hem-de ösümlik dünýäsini öwrenmegiň dürli gyzykly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. 5-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Geçmişden geljege tarap eko ädimler» atly sergi guraldy. Sergide ekologiýa bilimi we tebigaty goramak ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de taslamalar görkezildi. Özleriniň taýýarlan täze taslamalaryny ÝUNESKO klublary, assosirlenen mekdepler, döredijilik toparlary we hususy pudagyň wekilleri köpçülige hödürledi. Ekologiýa çäresiniň çäginde degişli edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de halkara düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat hem geçirildi. Gatnaşyjylar klimatyň üýtgemegi, suw diplomatiýasy, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, ekologiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Ekologiýa çäresi işjeň gatnaşyjylara hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.