«Türkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen moda görkezilişinde binagärlik trikotažy boýunça russiýaly dizaýneri we «SO_love» haryt nyşanyny esaslandyryjy Olga Kadeýkina özüniň «Russiýadan söýgi bilen» diýlip atlandyrylan ýygyndynyň görnüşini görkezdi. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron neşirinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa dokma we ýeňil senagat telekeçileriniň bileleşiginiň ýüňi gaýtadan işleýän senagat meseleleri boýunça ugurdaş komitetiniň agzasy hökmünde Olga Kadeýkina bu ugruň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär, şonuň üçin hem onuň şahsy haryt nyşany örülen önümleri öndürmäge ýöriteleşendir we diňe Russiýanyň çig mallary esasynda işleýär. Russiýaly dizaýner «Türkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynda «SO_love» haryt nyşanyny tanyşdyrdy Görkeziş on sany gyşky lybasy öz içine aldy. Ýygyndynyň esasyny XIX asyryň başyndaky harby lybaslary ýatladýan žaketler emele getirdi. Beýle konsepsiýanyň saýlap alynmagy tötänleýin däldir. Bu ýygyndy rus taryhynda ilkinji zenan serkerdesi, rowaýaty atly goşunyň zenan esgeri we 1812-nji ýylyň Watançylyk urşunyň gahrymany, terjimehaly Aleksandr Puşkini hem haýran galdyran Nadežda Durowa bagyşlanypdyr. Russiýaly dizaýner «Türkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynda «SO_love» haryt nyşanyny tanyşdyrdy Russiýanyň haryt nyşanynyň Aşgabat sergisine gatnaşmagy, şu ýylyň maý aýynda Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumynda badalga berlen şowly halkara hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir